Soňky habarlar

Arhiw

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Prezidentleriniň Täjigistanda geçiriljek duşuşygy boýunça maslahat geçirildi

22:5610.08.2023
0
35545
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Prezidentleriniň Täjigistanda geçiriljek duşuşygy boýunça maslahat geçirildi
Surat: mfa.tj

Täjigistanyň Daşary işler ministrliginiň habaryna görä, 9-10-njy awgustda Duşanbe şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrlikleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda maslahatlar geçirildi.

Täjigistanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, geňeşmeleriň dowamynda gün tertibiniň taslamasy, Bilelikdäki Beýannama we ýetip gelýän Duşanbe sammitinden soň kabul edilmegi meýilleşdirilýän beýleki resminamalar jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, taraplar, şeýle hem ýakyn wagtda geçiriljek Konsultatiw duşuşygyň çäginde Täjigistan tarapyndan meýilleşdirilýän çärelere taýýarlyk görmek meselesine garadylar.

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji ýyllyk maslahaty 2023-nji ýylyň 14-15-nji sentýabrynda Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň ýolbaşçylygynda Duşanbe şäherinde geçiriler. Bäş ýyllyk ýubileý maslahatyň netijeleri boýunça birnäçe möhüm resminamanyň kabul edilmegine garaşylýar, olaryň esasy bölegi Merkezi Aziýa döwletleriniň döwlet Baştutanlarynyň Bilelikdäki Beýannamasy bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň