Turkmenportal logo
07.08.23
3382633826
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
TÝL ― 2023: 10-njy tapgyryň duşuşyklaryndan soň gyzykly hasaplamalar
TÝL ― 2023: 10-njy tapgyryň duşuşyklaryndan soň gyzykly hasaplamalar

― Şamämmet Hydyrow bilen Myrat Ýagşyýew Ýokary liganyň şu möwsümindäki ilkinji gollaryny geçirdiler.


“Şagadam” – “Köpetdag” – 0:1


Gol: 19 Şamämmet Hydyrow.



“Aşgabat” – “Merw” – 2:2


Gollar: 12 Bäşim Gurbanberdiýew, 45+2 (11 m.j.u.) Şatlyk Gurbanow – 11 Şamämmet Agamämmedow (öz derwezesine), 60 Murat Ýakşiýew.


― Ýokary liganyň şu möwsümindäki 4-nji goluny geçiren Şatlyk Gurbanow möwsümiň iň netijeli futbolçylarynyň sanawynda hem dördünji orna göterildi.


― Şamämmet Agamämmedow Ýokary liganyň şu möwsüminde öz derwezesine pökgi geçiren dördünji futbolçy boldy. Gyzykly tarapy, bu futbolçylaryň ikisi «Aşgabada» degişlidir.


― Şatlyk Gurbanow şu möwsümde 11 metrlik jerime urgusyndan dürs peýdalanan 10-njy futbolçy boldy.


― Myrat Ýagşyýew 2013-nji ýyldan bäri «Merwiň» düzüminde tapawutlanan 50-nji futbolçy boldy.



“Nebitçi” – “Altyn Asyr” – 0:1


Gol: 73 Zafar Babajanow


― «Altyn asyr» Ýokary liganyň şu möwsüminde 20 utuklyk sepgide ýetip bilen ilkinji topar boldy. Mundan ozal diňe «Arkadag» futbol toparynda 24 utuk bardy.


― Zafar Babajanow Ýokary liganyň şu möwsüminde iki toparyň düzüminde tapawutlanan ilkinji futbolçy boldy.


― «Nebitçi» şu möwsümde öz meýdanynda ilkinji gezek utuldy.