Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Kazan — Aşgabat ugrundaky uçuşlaryň täzelenen tertibini hödürledi

10:3607.08.2023
0
77065

Russiýadaky «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň baş agentligi 2023-nji ýylyň 8-nji awgustynda güýje girjek Kazan — Aşgabat ugrundaky uçuşlaryň täzelenen tertibini hödürledi.

Uçuş tertibi boýunça her howa menzili üçin ýerli wagt görkezilýär.

Kazan (KZN) — Aşgabat (ASB), T5704 gatnawy

Sişenbe:

  • Kazandan 22:45-de uçýar
  • Aşgabat şäherine 03:55-de gonýar

Kazan (KZN) — Aşgabat (ASB), T5738 gatnawy

Çarşenbe:

  • Kazandan 18:05-de uçýar
  • Aşgabat şäherine 23:15-de gonýar

Kazan (KZN) — Aşgabat (ASB), T5726 gatnawy

Çarşenbe:

  • Kazandan 22:20-de uçýar
  • Aşgabat şäherine 03:30-da gonýar

Kazan (KZN) — Aşgabat (ASB), T5724 gatnawy

Anna:

  • Kazandan 08:35-de uçýar
  • Aşgabat şäherine13:45-de gonýar

Kazan (KZN) — Aşgabat (ASB), T5706 gatnawy

Şenbe:

  • Kazandan 17:10-da uçýar
  • Aşgabat şäherine 22:20-de gonýar

Awiakompaniýa ähli ýolagçylardan uçuşdan 3 sagat öň uçuş barlagyndan geçmek üçin howa menziline gelmegini soraýar.

Ozal «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň 2023-nji ýylyň 8-nji awgustyndan 28-nji oktýabry aralygynda Aşgabat — Moskwa — Aşgabat ugurlarynda uçuşlarynyň togtadylýandygy barada habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň