Turkmenportal logo
05.08.23
3026130261
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
TÝL ― 2023: «Köpetdag» myhmançylykda «Şagadamdan» üstün çykdy
TÝL ― 2023: «Köpetdag» myhmançylykda «Şagadamdan» üstün çykdy

Aşgabadyň «Köpetdag» futbol topary Türkmenistanyň çempionatynyň 10-njy tapgyrynda myhmançylykda «Şagadam» bilen duşuşdy. Türkmenbaşy şäherinde geçirilen duşuşyk myhmanlaryň 1:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.


Duşuşykdaky ýeke-täk pökgini «Köpetdagyň» hüjümçisi Şamämmet Hydyrow geçirdi. Bu ýeňişden soň utugyny 17-ä çykaran «Köpetdag» ýaryş tertibiniň üçünji basgançagyna göterildi. 7 utukly «Şagadam» bolsa altynjy orunda galdy.


«Köpetdag» indiki duşuşygyny öz meýdanynda «Energetik» bilen geçirer. «Şagadam» bolsa «Nebitçini» kabul eder. Iki duşuşyk hem 8-nji awgustda bolar.


«Şagadam» ― «Köpetdag» ― 0:1.


Gol: Şamämmet Hydyrow, 19.