Turkmenportal logo
03.08.23
3602336023
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan Russiýanyň «Mir» töleg ulgamyna birigip biler
Türkmenistan Russiýanyň «Mir» töleg ulgamyna birigip biler

Türkmenistanda Russiýanyň «Mir» töleg ulgamynyň kartalaryna isleg bildirilýär. Muny Russiýanyň Aşgabatdaky ilçisi Iwan Wolynkin TASS-a beren interwýusynda mälim etdi.


Onuň aýtmagyna görä, Russiýanyň bank kartlary, şol sanda «Mir» töleg ulgamy Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary, ýygy-ýygydan Russiýa syýahat edýän syýahatçylar we telekeçiler üçin zerur bolup biler.


Wolynkin şeýle hem Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň maliýe edaralarynyň milli walýutalarda hasaplaşyklary köpeltmek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşýandygyny aýtdy. 2022-nji ýylda gaz töleglerini hasaba almazdan, ikitaraplaýyn söwda amallarynyň dörtden bir bölegi rublda geçirildi diýip, ilçi belledi.