Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň merkezi edarasynyň gurluşy hem-de şu ministrlik hakyndaky Düzgünnama tassyklandy. Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Karara gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, resminama laýyklykda, Daşky gurşawy goramak ministrligine, Adalat ministrligi bilen bilelikde, Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.