Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Milli mirasyň nesil terbiýesindäki tutýan orny» atly maslahat we muzeý gymmatlyklarynyň sergisi geçirildi.
Maslahaty Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Nurmyrat Annaçaryýew açdy. Maslahatda Türkmenistanyň mejlisiniň deputaty Möwlam Öräýew, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Arkadag şäher Bagt köşgüniň direktory Ogulmaral Hojaýewa, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy Çary Ýazmyradow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň mugallymy, şahyr Gülşirin Hanowa, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň direktory Röwşen Nurmyradow, Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň sahna ussady, Türkmenistanyň at gazanan artisti Göwher Muhammetgulyýewa, Aşgabat şäheriniň 5-nji çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Aýsoltan Durdyýewa milli mirasymyzyň taryhy kökleri, häzirki zaman nusgada nesil we zähmet terbiýesindäki ähmiýeti dogrusynda çykyş etdiler.
Maslahatyň çäklerinde milli senetçilik, keşdeçilik, zergärçilik, nakgaşçylyk, keramika sungatyny görkezýän muzeý gymmatlyklaryndan sergi gurnaldy. Şeýle hem dutar ýasamagyň gadymy tärleri barada dutar ussasy Nazarguly Hojamgulyýew, haly dokamak, keşde çekmek boýunça halyçy Gültäç Saparowa ýaşlara ussatlyk sapaklaryny görkezdiler. Maslahatyň dowamynda ýaş sazandalar Baýram Atadurdyýewiň, Nurguly Hojamgulyýewiň sazandarlyk etmeginde Gökdepe etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň bagşy mugallymy Allaýar Melejäýew türkmen halk aýdymlaryny ýerine ýetirdi.