Turkmenportal logo
31.07.23
2746627466
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
11 million dollardan gowrak geleşik baglaşyldy
11 million dollardan gowrak geleşik baglaşyldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy.


Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Maltanyň, Ukrainanyň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni, uçar kerosinini, suwuklandyrylan gazy, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar.


Mundan başga-da, daşary ýurt puluna BAE-niň, Türkiýäniň, Gonkongyň, Gyrgyzystanyň we Azerbaýjanyň telekeçilerine boýalan tüýjümek önümler, gaplamak üçin niýetlenen mata, nah ýüplügi, distillirlenmedik çig ýag turşulyklary ýerlenildi.


Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 11 million 616 müň 300 dollaryndan gowrak boldy. Bu barada TDH habar berdi.