Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň Daşary syýasat edaralarynyň arasynda konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi.
27-nji iýulda bolan duşuşyga Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrlikleriniň, degişli hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, geňeşmeleriň güň tertibine laýyklykda, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň konsullyk ulgamyna degişli möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişini düzgünleşdirýän Teswirnama gol çekildi.
Türkmenistanyň we Özbegistanyň konsullyk gulluklarynyň arasynda tejribe alyşmak, şeýle hem bu ugurda bilelikdäki taslamalary we başlangyçlary durmuşa geçirmek boýunça tekliplere garaldy.