Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Arkadag şäher häkimliginiň binasynda German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Baş direktory Mihael Harms bilen geçirilen duşuşykdan soňra, germaniýaly işewür Arkadag şäheriniň çäginde hereket edýän elektrobusly Arkadag şäheriniň Aragatnaşyk müdirliginiň binasyna bardy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, ýol ugrunda myhman täze şäheriň milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmagynda bina edilen desgalary, şäheriň gözel keşbini synlady. German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Baş direktory Arkadag şäheriniň gözelligine, onuň çägindäki ynsan üçin ýakymly howa gurşawyna ýokary baha berip, bu şäheriň binagärlik babatda dünýäniň köp ýurtlary bilen nusgalykdygyny aýratyn nygtady.
Bu ýerde German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Baş direktory Mihael Harms Arkadag şäheriniň Aragatnaşyk ulgamy, onuň enjamlaşdyrylyşy we bu ýerde ulanylýan täzeçil tehnologiýalar, sanly ulgamyň işleýiş aýratynlyklary bilen tanyşdyryldy. Myhman netijeli geçen duşuşykdan soň Arkadag şäheriniň täze binalarynyň özboluşly aýratynlyklary, düzümleriň enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşmak we bu babatda pikir alyşmak ugrunda döredilen mümkinçilik üçin türkmen tarapyna, aýratyn hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
— Arkadag şäherinde örän özüne çekiji duşuşyk geçirildi. Bu duşuşyk mende ýakymly täsir galdyrdy. Gazanylan üstünlikler we geljekki maksatnamalar boýunça pikir alyşdyk. Diňe bir Arkadag şäherini ösdürmek däl, eýsem, german-türkmen gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda hem strategik häsiýete eýe bolan birnäçe ugurlary ara alyp maslahatlaşdyk. Şol sanda ekologiýa meseleleri, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, «akylly» şäher konsepsiýasy, şäheri dolandyrmak we döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün etmek, lukmançylyk senagaty we nemes kompaniýalarynyň uly höwes bilen gatnaşmaklarynda lukmançylyk ulgamyny döretmegiň wezipeleri, şeýle-de bu ugurlaryň ählisiniň durmuşa geçirilmegi üçin zerur bolan bilimleri bermegiň meseleleri boýunça pikir alyşdyk. Arkadag şäheriniň döwrebap şäher hökmünde özüne çekýändigini bellemek isleýärin. Şäheriň dolandyryş ulgamy halkara ülňülerine laýyk gelýär. Onuň gurluşyk düzüminde innowasion tehnologiýalar we döwrebap enjamlar giňden ornaşdyrylypdyr — diýip, German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Baş direktory Mihael Harms Arkadag şäherinde geçirilen duşuşykdan soňra «Watan» habarlar gepleşigine beren interwýusynda belläp geçdi.