Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futzal ýygyndysy CAFA Futsal Cup-2023-däki ilkinji duşuşygyny Eýranyň ýygyndysy bilen geçirer

12:2823.07.2023
0
23984

Şu gün Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasynyň ilkinji futzal çempionatyna badalga berler.

Sebitiň çempionlygy we medallar ugrunda alty milli ýygyndy ýaryşýar. Olar Täjigistanyň, Eýranyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň we Owganystanyň ýygyndylarydyr.

Türkmenistanyň ýygyndysy CAFA Futsal Cup-2023-däki ilkinji duşuşygyny Eýranyň ýygyndysy bilen geçirer. Bu duşuşyk 23-nji iýulda Duşenbe şäherindäki Köpugurly sport toplumynyň Tennis we sportuň suwdaky görnüşleri köşgünde geçiriler we Aşgabat wagty bilen sagat 15-de başlanar.

CAFA Futsal Cup-2023

1-nji tapgyr

23-nji iýul (ýekşenbe)

  • 12:00 | Gyrgyzystan – Owganystan
  • 15:00 | Eýran – Türkmenistan
  • 18:00 | Özbegistan – Täjigistan.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň