Şu gün öz ýurdunyň wekilçilikli toparyna ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýo saparynyň çäklerinde Aşgabadyň günorta künjeginde ýerleşýän Garaşsyzlyk binasynyň ýanyna geldi. Belent mertebeli myhman bu ýerde türkmen halkynyň hoşniýetli erkiniň we taryhyň dowamynda eden arzuwynyň amala aşandygynyň mizemez nyşanyna öwrülen binanyň etegine ajaýyp gül dessesini goýup, Türkmenistanyň eýe bolan mukaddes Garaşsyzlygyny sarpalady. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Agşam türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýonyň hormatyna agşamlyk nahary berildi. Onuň barşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we belent mertebeli myhman söz sözlediler.
Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýonyň Türkmenistana resmi sapary dowam edýär.