Turkmenportal logo
20.07.23
2690426904
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanly türgenler gylyçlaşmak boýunça dünýä birinjiligine gatnaşarlar
Türkmenistanly türgenler gylyçlaşmak boýunça dünýä birinjiligine gatnaşarlar

Türkmenistanyň Gylyçlaşmak federasiýasy Italiýada geçiriljek dünýä birinjiligine gatnaşjak türkmenistanly türgenleriň atlaryny mälim etdi.


Türkmenistanyň erkekler ýygyndysyna Ahmet Agaýew, Mekan Durdyýew, Jumanazar Döwletnazarow we Nurmuhammet Dawydow wekilçilik edýär.


Laçyn Ýegenmyradowa bilen Nabat Arazowa bolsa ýurduň zenanlar ýygyndysynda ýaryşar.


Milan şäherindäki ýaryşa dünýäniň 120 döwletinden wekiller gatnaşýar. Bu ýaryş geljek ýyl Pariž şäherinde geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň saýlama tapgyrlarynyň biridir.