Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Türkmenistanyň we Täjigistanyň daşary işler ministrleri duşuşdylar

18:4715.07.2023
0
68169
Aşgabatda Türkmenistanyň we Täjigistanyň daşary işler ministrleri duşuşdylar
Surat: mfa.gov.tm

Habar berşiimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddiniň ýolbaşçylygynda Aşgabada resmi sapar bilen gelen wekiliýet bilen gepleşikleri geçirdi.

Syýasy geňeşmeleriň dowamynda Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça strategik häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Bellenilişi ýaly, ministrler iki döwletiň dost-doganlyk, birek-birege ynanyşmak hem-de özara düşünişmek ýörelgeleri esasynda köp ýyllaryň dowamynda alnyp barylýan gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini tassykladylar. Şu nukdaýnazardan, ýokary derejedäki gatnaşyklaryň türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň giňeldilmeginde we pugtalandyrylmagynda aýratyn orna eýedigi bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Täjigistanyň diňe ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, köptaraplaýyn diplomatiýanyň çäklerinde, hususan hem, Birleşen Milletler Guramasynda, ählumumy we sebit meseleleri boýunça oňyn hem yzygiderli hyzmatdaşlygy alyp barýandygyny tassykladylar.

Ykdysady gatnaşyklaryň ösüşi barada aýtmak bilen, türkmen tarapy iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň uly ähmiýete eýedigini belledi. Türkmenistan üçin Täjigistanyň möhüm daşary ykdysady hyzmatdaşlaryň biri bolup durýandygy nygtaldy.

Taraplar bu ugurda amala aşyrylýan hyzmatdaşlygyň uly mümkinçiliklere eýedigini bellemek bilen, ony has-da çuňlaşdyrmak boýunça ileri tutulýan meselelere seretdiler. Bu ugurdaky gatnaşyklary mundan beýläk hem ilerletmek nukdaý nazaryndan, Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-täjik toparynyň işine möhüm ähmiýet degişlidigini aýtdylar.

Söhbetdeşler medeni-ynsanperwer ugry boýunça medeniýetde, bilimde, ylymda, sportda alnyp barylýan işjeň gatnaşyklary nygtadylar hem-de olaryň mundan beýläk hem ilerledilmelidiginiň wajypdygyny tassykladylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň