Baýramaly şäheriniň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2023-nji ýylyň 19-njy iýulynda Baýramaly şäheriniň Medeniýet bölüminde hem-de Wekilbazar etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2023-nji ýylyň 20-nji iýulynda Wekilbazar etrabynyň Medeniýet bölüminde sagat 10:00-dan 12:00-a çenli boş iş orunlarynyň hödürleniş çärelerini geçirýändigini habar berýär.
Boş iş orunlaryň ilata hödürleniş çäresini guraýjylar edara-kärhanalary, guramalary, firmalary, kompaniýalary özlerinde eýelenmedik, bar bolan boş iş orunlaryny hödürlemeklige çagyrýar.
Işe girmek isleýän raýatlar özleri bilen pasportyny we zähmet depderçesini alyp gelmelidirler.
Çäreler Baýramaly şäheriniň Soltan-Sanjar köçesiniň 21-nji jaýynda hem-de Wekilbazar etrabynyň Mollanepes adyndaky şäherçesiniň Türkmenistan köçesiniň 1-nji jaýynda geçiriler.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
- +993564-6-93-46
- +993564-6-93-45
- +993558-6-11-94
- +993564-6-11-95

