Turkmenportal logo
14.07.23
2036620366
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan bilen Pakistan TOPH we TOP taslamalarynyň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistan bilen Pakistan iri bilelikdäki taslamalaryň — Türkmenistan —Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar diýip, «Trend.az» habar berdi.


Türkmenistanyň resmi çeşmesiniň bellemegine görä, bu meseleler Pakistanyň Premýer ministriniň Söwda we senagat boýunça utgaşdyryjysy Rana Ihsan Afzal Han bilen Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçisi Atajan Möwlamow tarapyndan ara alnyp maslahatlaşyldy.


Duşuşykda taraplar 2023-nji ýylyň 8-nji iýunynda bolup geçen TOPH gaz geçiriji taslamasyny bilelikde durmuşa geçirmek meýilnamasyna gol çekilmeginiň bu taslamanyň durmuşa geçirilmegini ilerletmekde möhüm ädim bolandygyny aýtdylar.


Mundan başga-da, TOPH we TOP taslamalarynyň sebitiň gülläp ösmegine we Pakistanyň ykdysady ösüşine goşant goşjakdygy nygtaldy. Rana Ihsan Afzal Han Pakistan hökümetiniň adyndan bu energetika taslamalarynyň möhletinden öň tamamlanmagyny goldaýandygyny aýtdy.


Mundan başga-da, taraplar Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşyp, energetika pudagynda ikitaraplaýyn söwdanyň ägirt uly mümkinçiliklerine ünsi çekdiler.