2023-nji ýylyň 11-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda Kanuna gol çekdi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Girizilen üýtgetmelere laýyklykda, 1992-nji ýylyň 30-njy sentýabryndaky «Iň ýokary tapawutlandyryş derejesini — Türkmenistanyň Gahrymany diýen ady döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1992ý., № 9, 77-nji madda) 1-nji maddasynda «altyn medaly» diýen sözler «altyn nyşany» diýen sözlere çalşyryldy.
Şeýle-de 1995-nji ýylyň 27-nji dekabrynda kabul edilen Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen at hakynda Düzgünnamanyň (2015-nji ýylyň 28-nji fewralyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde) (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 1, 24-nji madda) üçünji we altynjy böleklerinde «altyn medaly» diýen sözler «altyn nyşany» diýen sözlere çalşyryldy.
1999-njy ýylyň 15-nji sentýabryndaky «Altyn Aý» medalynyň ýazgysynyň täze redaksiýasyny tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1999ý., No 3, 44-nji madda) adynda we birinji böleginde «medalynyň» diýen söz «nyşanynyň» diýen söze çalşyryldy. Şeýle-de şol Kanun bilen tassyklanylan Türkmenistanyň «Altyn Aý» medalynyň ýazgysynda (2014-nji ýylyň 8-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde)(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014ý., № 4, 147-nji madda) «medalynyň», «medaly», «Medalyň» we «Medal» diýen sözler degişlilikde «nyşanynyň», «nyşany», «Nyşanyň» we «Nyşan» diýen sözlere çalşyryldy.
Üýtgetmelere laýyklykda, mundan başga-da, 2009-njy ýylyň 2-nji oktýabryndaky «Türkmenistanyň döwlet sylaglary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (2016-njy ýylyň 18-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde) (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 2, 93-nji madda; 2017 ý., № 3, 109-njy madda; 2019 ý., № 4, 91-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 2-3, 47-nji madda, № 4, 132-nji madda; 2022 ý., No 4, 112-nji madda; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 1, 5-nji madda, № 2, 33-nji madda) 6-njy maddanyň birinji böleginde hem-de 7-nji maddanyň mazmunynda «medaly» diýen söz «altyn nyşany» diýen söze çalşyryldy, 9-njy maddanyň 1-nji bendi aýryldy, 2-nji, 3-nji, 4-nji, 5-nji, 6-njy, 7-nji, 8-nji, 9-njy, 10-njy we 11-nji bentler degişlilikde 1-nji, 2-nji, 3-nji, 4-nji, 5-nji, 6-njy, 7-nji, 8-nji, 9-njy we 10-njy bentler diýlip hasap edildi.
2014-nji ýylyň 8-nji noýabryndaky «Türkmenistanyň «Altyn Aý» medalynyň ýazgysyny rejelenen görnüşde tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 147-nji madda) «medalynyň» diýen söz «nyşanynyň» diýen söze çalşyryldy.
Kanun gol çekilen pursatyndan güýje girdi.

