11-nji iýulda Ankarada Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) baş edarasynda «Magtymguly Pyragy we türk halklaryň edebiýaty» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan habar berildi.
Halkara maslahatyň işine Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymgulynyň adyny göterýän Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň müdiriniň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy.
Halkara ylmy maslahatyň işi umumy mejlisde we dört ylmy bölümçede geçirildi.
TÜRKSOÝ-nyň baş edarasynyň eýwanynda maslahata gatnaşyjylar üçin türkmen halkynyň Milli Lideriniň eserleri, Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysy, monografiýalar, kitaplar, okuw gollanmalary we ylmy makalalar ýerleşdirilen sergi guraldy.
Halkara maslahata alymlar we medeni işgärler, daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, deputatlar, öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, mugallymlary we talyplary, türkmen diasporasynyň wekilleri, şeýle hem metbugat işgärleri gatnaşdylar.
Halkara maslahatda çykyş edenler Magtymguly Pyragynyň ählumumy ruhy gymmatlyklaryň hazynasyny baýlaşdyran baý döredijiligi barada söhbet etdiler.
Jemleýji mejlisde maslahatyň jemleri jemlenip, forumyň halkara ylmy we medeni gatnaşyklaryň çuňlaşmagyna möhüm goşant goşjakdygy biragyzdan bellendi. Çäräniň ahyrynda halkara maslahata gatnaşyjylara we myhmanlara milli türkmen tagamlary hödürlenildi.
Maslahat Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan TÜRKSOÝ bilen bilelikde guraldy.