Arkadag şäherinde seýsmiki yrgyldylary takyk bellige aljak seýsmologik stansiýanyň gurluşygy başlandy. Bu barada «Türkmenistaninfo» ýazýar.
Täze stansiýa Türkmenistanyň çäginde we oňa ýanaşýan seýsmiki taýdan işjeň sebitlerde, tebigy we emeli çeşmelerden gelýän seýsmiki signallary awtomatiki ýagdaýda bellige alar.
Häzirki wagtda Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosfera fizikasy institutynyň alymlary ýörite enjamlary ulanyp, niýetlenen ýerlerde zerur gözlegleri we gözegçilikleri geçirýärler.

