Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

42 million 300 müň dollardan gowrak geleşik baglaşyldy

15:1010.07.2023
0
26313

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 41-si hasaba alyndy.

Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň işewürleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ýol nebit bitumyny, dizel ýangyjyny, binýatlyk ýagy, yşyklandyryş kerosinini, şeýle hem «Türkmengaz» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen awtobenzini satyn aldylar. Bu barada TDH habar berdi.

BAE-niň, Türkiýäniň, Hytaýyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Ermenistanyň telekeçileri ýorgan-düşek toplumlaryny, nah ýüplügi we matany, jins önümlerini, pagta süýümini, tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleri satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 42 million 300 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurduň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 6 million 300 müň manatdan gowrak bolan «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni satyn aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň