Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradow, saglyk ýagdaýy sebäpli, eýeleýän wezipesinden boşadyldy. Mejlisiň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken degişli Permany bilen, bu wezipä Balkan welaýatynyň häkimi Taňryguly Rejepgulyýewiç Atahallyýew bellenildi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, şeýle-de döwlet Baştutanynyň gol çeken degişli Karary bilen, wise-premýer Taňryguly Rejepgulyýewiç Atahallyýew Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň müdiriýetiniň Türkmenistandan agzasy edilip bellenildi.