Ozal habar berşimiz ýaly Arkadag we Telawi şäherleriniň arasynda doganlyk gatnaşyklary ýola goýulýar. Gruziýanyň «NewsDay Georgia» habarlar gullugynyň başlygy Awtandil Otinaşwili iki şäheriň arasyndaky gatnaşyklaryň meýilleşdirilen ösüşi barada pikirlerini beýan etdi. Bu barada «Centralasia» ýazýar.
A.Otinaşwiliniň pikiriçe, şäherleriň arasynda doganlyk gatnaşyklarynyň ýola goýulmagy iki ýurduň arasyndaky ykdysady, medeni we ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin ägirt uly ädimdir. Galyberse-de, Arkadag bilen Telawiniň arasynda, şeýle hem Gruziýa bilen Türkmenistanyň arasynda giň hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri açylýar.
Üzüm öndürmek we üzümçilik pudagynda alyş-çalyşlaryň durmuşa geçirilmegi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň birine öwrüler diýip, Otinaşwili aýtdy. Türkmenistanda ýetişdirilýän üzümler bütin dünýäde uly islegden peýdalanylýar. Şonuň üçin bu ugur iň meşhur çakyrlary öndürijiler bolan Telawiniň işewür toparlary üçin uly gyzyklanma döredýär diýip, Otinaşwili belledi.
Ozal biz Arkadag şäheri bilen Kazan we Telawi şäherleriniň arasynda doganlyk gatnaşyklarynyň ýola goýulmagy barada habar beripdik.