Soňky habarlar

Arhiw

Ärdogan Türkmenistana «TOGG» elektik ulaglaryny sowgat etdi

00:3230.06.2023
0
53901
Ärdogan Türkmenistana «TOGG» elektik ulaglaryny sowgat etdi
Surat: trtavaz.com.tr

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine sowgat hökmünde «TOGG» kysymly elektrik awtoulaglaryny iberdi.

Türkmenistanda ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin gelen Türkiýe Respublikasynyň senagat we tehnologiýalar ministri Mehmet Fatih Kajyry hem-de Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu Rejep Taýyp Ärdoganyň adyndan «TOGG» kysymly elektrik awtoulaglaryň açarlaryny Türkmenistanyň Prezidentine uly hormat bilen gowşurdylar. Ýeri gelende bellesek, ak reňkli awtoulaglar kompaniýa tarapyndan ilkinji gezek öndürilýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, «TOGG» kysymly awtoulaglaryň köpçülikleýin önümçilik zawody Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň gatnaşmagynda 2022-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda açyldy. Bu elektrik awtoulaglaryň her ýyl 177 müňüsiniň öndürilmegi meýilleşdirilýär. 2030-njy ýyla çenli ulagyň önümçilik kuwwatynyň 1 milliona ýetmegine garaşylýar. Awtoulaglar 2 görnüşde – 200 we 400 at güýjünde öndürilýär. Onuň iň kuwwatlysy 4,8 sekuntda sagatda 100 kilometrlik tizlige ýetip, bir gezeklik zarýad bilen 500 kilometr menzil geçip bilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň