Turkmenportal logo
29.06.23
6040060400
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mekge şäherine sapary başlandy

Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi saýtynda habar berilýär. Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, 2023-nji ýylyň 29-30-njy iýuny aralygynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet agzalary haj parzynyň däp-dessurlaryny ýerine ýetirmek üçin, Saud Arabystany Patyşalygynyň Mekge şäherinde saparda bolýarlar.


Türkmen zyýaratçylary saparynyň dowamynda bu mukaddes künjekde gurbanlyk sadakasyny bererler, şeýle-de mukaddes ýerlere zyýarat etmek bilen, juma namazyna gatnaşarlar. Gurban baýramy günlerinde mukaddes Käbä tagzym edilip, taryhda birinji gezek wekiliýetiň agzalarynyň gatnaşmagynda sadaka berler.