Turkmenportal logo
28.06.23
4178341783
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda Gurban baýramy bellenilýär
Türkmenistanda Gurban baýramy bellenilýär

Başyny gadymyýetden alyp gelýän Gurban baýramyny agzybirlikde we jebislikde bellemek türkmen halkynyň asylly däplerini biridir. Baýramy bellemegiň däpleri nesilde-nesle geçirilip, biziň günlerimize ýetirilipdir.


Şu gün ir bilen Türkmenistanyň ähli ýerlerinde metjitlerde baýramçylyk namazy okaldy, öten-geçenler ýatlanyldy. Türkmenistanlylar öňden gelýän däbe görä, janly soýup, milli tagamlary taýýarladylar we ýakynlaryna, dostlaryna hem-de tanyşlaryna hödür edýärler.


Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanda milli baýram — Gurban baýramy 28-29-30-njy iýun günlerinde belleniler.


Belläp geçsek, Gurban baýramy yslam dünýäsinde iki sany esasy baýramyň biri bolup, ol beýleki bir möhüm baýram — Oraza baýramyndan 70 gün soňra bellenilýär. Döwlet Baştutanynyň ýörite Permany esasynda, şol baýramçylyk günleri Türkmenistanda iş günleri däl diýlip yglan edilýär.