Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wafo Niýatbekzoda bilen duşuşdy we onuň dowamynda ynanç hatlarynyň nusgalary kabul edildi.
Duşuşygyň barşynda diplomatlar dürli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.
Ministr türkmen tarapynyň ilçä dostlukly türkmen-täjik gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen diplomatik işiniň durmuşa geçirilmegine goldaw we ýardam bermäge taýýardygyny belledi. Bu barada ministrligiň resmi saýtynda habar berildi.
Şu ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistana amala aşyran döwlet saparynyň nukdaýnazaryndan, döwletara gepleşikleri işjeňleşdirmekde iň ýokary derejedäki gatnaşyklaryň ähmiýeti nygtaldy.
Taraplar halkara guramalaryň, şol sanda sebit gurluşlarynyň çäginde işjeň hereketlerini beýan etdiler. Parlament diplomatiýasy arkaly gatnaşyklary has hem giňeltmegiň maksadalaýykdygy barada nygtaldy.
Soňky ýyllarda ýurtlaryň arasyndaky söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösüşi kanagatlanma bilen bellenildi. Şeýle hem medeni-ynsanperwer ugurda hem uly mümkinçilikleriň bardygy aýdyldy.
Ozal Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Farruh Homiddin Şerifzodanyň diplomatik işini tamamlaýandygy barada habar beripdik.

