Top.Mail.Ru

Aşgabatda Magtymgulynyň döredijiligine bagyşlanan halkara ylmy maslahat geçirildi

10:4427.06.2023
0
24892

Aşgabatda duşenbe güni «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri we Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Türkmen halkynyň nusgawy şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk çäreleriniň meýilnamasyna laýyklykda geçirilen bu ylmy maslahatyň baş maksady Gündogar halklarynyň nusgawy edebiýatyny, filosofik mirasyny çuňňur öwrenmekden, wagyz etmekden, ol halklaryň diliniň we edebiýatynyň özara baglanyşygy boýunça ylmy barlaglara badalga bermekden ybarat boldy.

Halkara ylmy maslahatyň açylyş dabarasy Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirildi. Oňa Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, Ylymlar akademiýasynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, akademiki institutlaryň we ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, ylym we medeniýet işgärleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary, şeýle hem bu gurama agza döwletleriň we başga-da birnäçe ýurtlaryň alymlary, ugurdaş hünärmenleri forumyň myhmanlary boldular.

Açylyş dabarasynda, ilki bilen, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ylmy maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy.

Halkara maslahatyň dowamynda daşary ýurtlaryň wekilleriniň eden çykyşlarynda bu forumyň Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny köptaraplaýyn esasda öwrenmekde aýratyn ähmiýetlidigi bellenildi.

Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary Sultan Raýewiň çykyşynda 30 ýylyň dowamynda Türkmenistanyň türki halklaryň arasynda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ägirt uly goşant goşýandygy, bu döwletleriň döredijilik işgärleriniň, alymlarynyň bilelikdäki tagallalarynyň uly ähmiýete eýedigi nygtaldy. TÜRKSOÝ-nyň özleriniň döredijiligi bilen türki dilli ýurtlaryň medeniýetiniň ösüşine goşandyny goşan görnükli şahsyýetleriň gymmatly mirasynyň wagyz edilmegine möhüm üns berýändigini belläp, Sultan Raýew 2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilendigini aýtdy. Pursatdan peýdalanyp, halkara guramanyň ýolbaşçysy halklaryň medeni taýdan ýakynlaşmagynda TÜRKSOÝ-nyň işine hemmetaraplaýyn goldaw berýändigi üçin Prezident Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi.

ÝUNESKO-nyň Tährandaky klaster edarasynyň direktory Golda El-Huri sanly ulgam arkaly eden çykyşynda bu halkara maslahaty geçirmek başlangyjyny öňe sürendigi üçin türkmen döwletiniň Baştutanyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol Magtymgulynyň döredijiliginiň beýik ynsanperwer ýörelgeleri özünde jemleýändigini aýratyn belledi.

— Asylly ýörelgeler we Magtymgulynyň döredijiligi ÝUNESKO-nyň işinde giňden wagyz edilýän ähmiýetli gymmatlyklar bilen utgaşyklydyr — diýip, hanym Golda El-Huri akyldar şahyryň döredijilik mirasynyň ähmiýetine ýokary baha berdi.

Şeýle hem umumy mejlisiň dowamynda «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» Dostluk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy hanym Li Ok Rýon, Alžiriň, Ermenistanyň, Hindistanyň, Eýranyň, Yragyň we Türkiýäniň ylmy merkezleriniň wekilleri çykyş etdiler. Özbegistandaky Türkmen medeni merkeziniň ýolbaşçysy G.Awezdurdyýewa maslahatyň dowamynda eden çykyşynda Magtymguly Pyragynyň türkmen we özbek dillerinde neşir edilen eserler ýygyndysynyň Özbegistandaky türkmen hem-de özbek mekdeplerine gowşurylandygyny aýratyn buýsanç bilen nygtady. Şeýle hem forumyň dowamynda Türkiýe Respublikasynyň Pamukkale uniwersitetiniň professory Söner Saglam Türkiýäniň ylmy jemgyýetçiligi tarapyndan terjime edilen «Türkmeniň ruhy atasy Magtymguly hakynda rowaýatlar» atly kitabyň türk we türkmen dillerinde neşir edilendigini belledi.

Alymlar we jemgyýetçilik işgärleri Magtymgulynyň eserleriniň ýüzýyllyklaryň dowamynda bolşy ýaly, häzirki döwürde hem dünýä halklaryny şygryýetiň ruhy bilen baglanyşdyrýan birleşdiriji güýje eýedigini, olaryň umumadamzat ruhy gymmatlyklaryny wasp edýän sena hökmünde ykrar edilendigini nygtadylar. Çykyşlarda Magtymgulynyň eserleriniň häzirki döwürde-de agzybirligi pugtalandyrmakda ähmiýetlidigine üns çekildi.

Umumy mejlis tamamlanandan soňra, halkara ylmy maslahat öz işini bäş bölümçede dowam etdi. Şeýlelikde, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde «Pyragy hem Arkadag — köňüllere şamçyrag», Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Magtymguly we onuň zamanasy» ady bilen geçirilen mejlisleriň çäklerinde alymlaryň duşuşyklary boldy. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda bolsa foruma gatnaşyjylar «Magtymguly we Gündogar edebiýaty» atly mejlise gatnaşdylar. Türkmen döwlet medeniýet institutynda «Magtymgulynyň şygryýet älemi», Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Magtymgulynyň döredijiliginde ynsanperwerlik» mowzuklaryna garaldy.

Jemleýji mejlisde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri we Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahatyň jemleri jemlenildi. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Forumyň ýörite medeni maksatnamasynyň çäklerinde myhmanlar Arkadag şäherinde, «Nusaý» döwlet taryhy-medeni goraghanasynda, Aşgabadyň muzeýlerinde boldular.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň