Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Medeniýet hepdeligi badalga aldy

12:2522.06.2023
0
45498

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Medeniýet hepdeligi — 2023-iň» dabaraly açylyşy boldy. Hepdeligiň açylyş dabarasy mynasybetli Mukamlar köşgüniň foýesinde şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, muzeý gymmatlyklarynyň, kitap we neşir önümleriniň sergisi-de ýaýbaňlandyryldy.

Açylyş dabarasynda, ilki bilen, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara iberen Gutlagy diňlenildi. Soňra medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk çykyşlaryna tomaşa edildi.

Mälim bolşy ýaly, özboluşly döredijilik çäresi bolan bu forum Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, ýurduň paýtagtynda ýa-da haýsam bolsa bir welaýatynda ýylyň-ýylyna geçirilýär. Bu ýyl bolsa döredijilik forumyny ýurduň paýtagty Aşgabat şäheri kabul etdi. Geçirilmegi asylly däbe öwrülen Medeniýet hepdeligi Türkmenistanda şu ýyl 11-nji gezek guralýar.

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilýän hepdelik ýurduň ähli künjeginden gelen döredijilik işgärlerini paýtagt şäher Aşgabatda jemledi.

Hepdeligiň meýilnamasyna görä, onuň çäklerinde şu gün — 22-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde muzeý işini kämilleşdirmäge bagyşlanyp iş maslahatydyr usulyýet okuwlary geçiriler, muzeýleriň gaznasyndan milli gymmatlyklaryň sergisi guralar.

Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda teatryň döredijilik işgärleriniň taýýarlan «Arkaç» atly operasy ilkinji gezek görkeziler. Bu bolsa teatryň artistleriniň döredijilik forumyna ajaýyp baýramçylyk sowgady bolar.

Günüň ikinji ýarymynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň medeni-işewürlik merkezinde Aşgabat şäheriniň hem-de Ahal welaýatynyň sungat ussatlarynyň konserti bolar.

Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän «Nowruz ýaýlasyndaky», şeýle hem Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlaryndaky «Türkmeniň ak öýi» binalarynda medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertleri guralar. Hepdelige gatnaşyjylar ýurduň tirmeçi bagşylarynyň arasynda Mukamlar köşgünde geçiriljek «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly festiwalda ýerine ýetirilýän çykyşlara hem tomaşa ederler.

23-nji iýunda Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalarynyň, belli suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, külallaryň eserleriniň sergisi guralar hem-de «Döwlet guşy» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlener.

Hepdeligiň 24-nji iýundaky ilkinji dabarasy Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynda geçiriler. Çagalaryň taýýarlan «Bagtyýar çagalyk» atly baýramçylyk çykyşlary Medeniýet hepdeliginiň şatlygyna şatlyk goşar. Döwlet kitaphanasynyň sergi merkezinde ýurduň şahyrlarynyň Magtymguly Pyraga bagyşlap döreden goşgularynyň çeper okaýyşlary geçiriler. Ýaş şahyrlaryň we žurnalistleriň «Ylham joşguny» atly döredijilik maslahaty täze zehinler bilen tanyşmaga ajaýyp mümkinçilik bolar. Döwlet sirkinde görkeziljek sirk tomaşalary baýramçylyga täze öwüşgin berer.

25-nji iýunda Erkin döredijilik mekanynda žurnalistleriň «Döwür we žurnalistika» atly mediaforumy, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergi zalynda guraljak «Bagtyýar ýaşlar — gözelligiň waspçysy» atly surat bäsleşigi-de Medeniýet hepdeligine özboluşly öwüşgin berer. «Aşgabat» kinoteatrynda görkeziljek «Istärin» atly kinofilm we ýurduň Baş akademiki drama teatrynyň sahnalaşdyran «Gelin gelýär» atly sahna oýny hem tomaşaçylarda ýakymly täsir galdyrar.

26-njy iýunda Döwlet kitaphanasynyň sergi merkezinde kitap sergisi, kitaphana işini ösdürmäge bagyşlanan iş maslahaty geçiriler. Mukamlar köşgünde bolsa akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen aýdymlaryň konserti, Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda ýurduň wäşileriniň çykyşlary guralar.

27-nji iýunda Magtymguly Pyragynyň Aşgabat şäherindäki ýadygärligine gül goýlup, Medeniýet hepdeliginiň ýapylyş dabarasy, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli baýramçylyk konserti bu döredijilik forumynyň jemleýji çäreleri bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň