Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Niderlandly talyp türkmen medeniýeti we Magtymgulynyň poeziýasy bilen gyzyklanýar

15:0920.06.2023
0
47041

Türkmen diplomatik missiýasynyň habaryna görä, Utreht uniwersitetinde sosial geografiýa ugrundan bilim alýan niderlandly talyp Ýori Moerland şu gün Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasyna baryp, baý türkmen medeniýeti bilen tanyşmaga mümkinçilik aldy.

Ilçihanada Ýori Moerland türkmen medeniýetiniň dürli ugurlary, şol sanda halylar, Türkmenistanyň milli nyşanlary şekillendirilen suratlar, el işleri we milli lybaslar bilen tanyşdy.

Ýewropaly ýaş ýigit türkmenleriň milli eşiklerini geýmäge-de mümkinçilik aldy. Ilçihananyň işgärleri Türkmenistany gowy tanamagy we onuň dünýädäki ornuna has gowy düşünmegi üçin talyp ýigide bilen ýurduň daşary syýasaty hakynda hem gürrüň berdiler.

Edebiýata we medeniýete uly gyzyklanma bildirýän adam hökmünde Ýori esasanam türkmen poeziýasy we edebiýaty bilen gyzyklandy. Ol hatda şahyryň döredijiliginden iň gowy görýän iki goşgusynda bentleri hem okady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň