Turkmenportal logo
18.06.23
4008340083
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Omanyň derwezeçisi Türkmenistan bilen bolan oýnuň iň gowy oýunçysy saýlanyldy
Omanyň derwezeçisi Türkmenistan bilen bolan oýnuň iň gowy oýunçysy saýlanyldy


Türkmenistanyň milli ýygyndysy Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň Milletler Kubogy — 2023 ýaryşynyň toparçalaýyn tapgyrynyň üçünji aýlawynda Omanyň milli ýygyndysyndan asgyn geldi. Ýekşenbe güni Daşkent şäherinde geçirilen oýun 2:0 hasabynda Omanyň peýdasyna tamamlandy.


Duşuşygyň dowamynda birnäçe owadan seýwleri bilen toparyny goldan halas eden Omanyň milli ýygyndysynyň derwezeçisi Ibrahim Al-Muhaini oýnuň iň gowy oýunçysy hökmünde ykrar edildi.


Mergen Orazowyň şägirtleri toparçada iň soňky orny eýeläp, tunirdäki ýörişlerini bes etdiler. Omanyň milli ýygyndysy bolsa Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň Milletler Kubogy — 2023-iň üçünji orny üçin Gyrgyzystanyň milli ýygyndysy bilen güýç synanyşar. Ýaryşyň final oýny bolsa Eýranyň we Özbegistanyň ýygyndylaryň arasynda bolup geçer. Duşuşyklaryň ikisi hem 20-nji iýunda geçiriler.