Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguzyň Döwlet sazly drama teatrynyň işgärleri «Älemgoşarly tomus» atly täze sahna oýnuny taýýarladylar

14:0418.06.2023
0
33681

Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky Döwlet sazly drama teatrynyň işgärleri «Älemgoşarly tomus» atly täze sahna oýny taýýarlamak boýunça işlerini tamamladylar.

Toparyň bu täze işi režissýor Guwanç Baýmedow tarapyndan Aşyr Mämiliýewiň adybir eseriniň esasynda sahnalaşdyryldy diýlip, «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşirinde habar berildi.

Oýna Çeperçilik geňeşiniň agzalary we teatryň artistleri tomaşa etdiler. Kärdeşleri režissýoryň işiniň ýokary derejesini, edebi esasyň täsirliligini, oýna gatnaşan ýaş aktýorlaryň ussatlyklaryny, sahna bezeginiň özüne çekijiligini we sahna geýimleriniň döwrebaplygyny bellediler. Bularyň bary bilelikde tomaşaçyda sahnada bolup geçýän işlere gatnaşmak we dahylly bolmak duýgusyny döredýär.

— Täze işimiz ýetip gelýän Medeniýet we sungat işgärleriniň, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň şygyrýet gününe döredijilik sowgadymyzdyr — diýip, oýnuň režissýory Guwanç Baýmedow aýdýar.

Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalybyň adyny göterýän Döwlet sazly drama teatrynyň işgärleriniň öz işlerinde jemgyýetiň we döwletiň ösüşinde aýratyn orny bolan ýurduň ýaş nesline uly üns berýändigini bellemelidir. Teatryň repertuarynda ýaşlara watançylyk, raýat jogapkärçiligi we zähmetsöýerlik terbiýesi mowzugyndan goýlan oýunlar az däl.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň