Turkmenportal logo
12.06.23
2351823518
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Silwio Berluskoni aradan çykdy
Silwio Berluskoni aradan çykdySurat: calciomercato.com

12-nji iýunda Italiýanyň öňki Premýer-ministri Silwio Berluskoni Milanyň «San-Raffaele» hassahanasynda 86 ýaşynda aradan çykdy diýip, ýurduň «RAInews» teleýaýlymyna salgylanýan «Interfax.ru» habar berdi.


«La Stampa» gazeti duşenbede Berluskoniniň saglyk ýagdaýynyň agyrlaşandygyny habar berdi.


Syýasatçy şu ýylyň 5-nji aprelinde hem hassahanada bejergi aldy, lukmanlar onuň leýkemiýa we öýken keselinden ejir çekýändigini habar berdiler.


«Rambler.ru» portaly ýurduň «Corriere della Sera» gazetine salgylanyp, Berluskoniniň maliýe emläginiň 4 milliard ýewro deňdigini habar berdi.


Habara görä, syýasatça 1978-nji ýylda esaslandyran «Fininvest» mediatoparynyň paýnamalarynyň 61 göterimi degişlidir. Bu gymmatbaha kagyzlar oňa her gün 170 müň ýewro girdeji getiripdir. Galyberse-de, Berluskoniniň bütin Italiýada willalary, Milanda we Rimde öýleridir beýleki gozgalmaýan emläkleri bar. Onuň şeýle-de ýelkenli gämisi, üç sany hususy uçarydyr dikuçary bar.


Silwio Berluskoni 1936-njy ýylyň 29-njy sentýabrynda Milanda doguldy. 1994-nji ýylda «Öňe, Italiýa» partiýasyny esaslandyrdy we umumymilli parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy. Ol Italiýanyň dört gezek Premýer-ministri boldy.


Soňky ýyllarda syýasatçynyň saglygy ýaramazlaşdy. 2016-nj yýlda ol ýüregine operasiýany başdan geçirdi, 2020-nji ýylda koronawirus bilen keselledi.