Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Hökümetiň giňişleýin mejlisini geçirmäge taýýarlyk görmegi tabşyrdy

22:3910.06.2023
0
37082
Serdar Berdimuhamedow Hökümetiň giňişleýin mejlisini geçirmäge taýýarlyk görmegi tabşyrdy
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, mejlisde şu ýylyň 5 aýynda ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Şeýle-de resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna garaldy we döwlet durmuşynyň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilki bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol şu ýylyň 5 aýynda milli parlament tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi. Şeýle-de, bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Mejlisiň iş toparlary tarapyndan Raýat kodeksini, harby borçlulyk we harby gulluk, gidrometeorologiýa işi hakyndaky hukuk namalaryny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen we beýleki kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak işi alnyp barylýar.

Soňra wise-premýerler hem-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda alnyp barlan işler, olaryň netijeleri, şol sanda pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, degişli düzümler boýunça garalýan döwürdäki ösüş depginleri, döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, öňde boljak çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabatlary berdiler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, öňde boljak çäreler, pudaklary ösdürmek ugrundaky wezipeler bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutany mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu ýylyň geçen 5 aýynda alnyp barlan işleriň netijeleriniň, dünýä ykdysadyýetindäki çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, ýurduň depginli ösmegini dowam edýändigini görkezýändigini aýtdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň daşary syýasatynyň, ozalkysy ýaly, BMG we beýleki halkara guramalar bolan ÝHHG, ÝB, ŞHG, GDA, YHG bilen giňden hyzmatdaşlyk etmäge gönükdirilendigine ünsi çekdi.

Ýurduň içeri syýasatynyň möhüm ugurlary barada aýdyp, döwlet Baştutany ykdysadyýetiň ösüşinde gazanylan depginiň durnukly saklanýandygyny belledi.

Bellenişi ýaly, Hökümetiň we halkyň guramaçylykly işi netijesinde, ýurtda jemi içerki önümiň ösüş depgini hasabat döwründe 6,2 göterim derejede boldy.

Döwlet Baştutany:

— Biziň esasy wezipämiz mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmakdan ybaratdyr — diýip belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow iýul aýynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirmäge-de häzirden taýýarlyk görüp başlamagy tabşyrdy we onda şu ýylyň 6 aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine serediljekdigini aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň