Berluskoni ýene hassahana ýerleşdirildi

13:0710.06.2023
0
30288
Berluskoni ýene hassahana ýerleşdirildi
Surat: euronews.com

Italiýanyň öňki Hökümet başlygy, «Öňe,Italiýa» partiýasynyň lideri Silwio Berluskoni ýene Milanyň «San-Raffaele» hassahanasyna ýerleşdirildi diýip, ýurduň «Ansa» habarlar gullugyna salgylanýan «Interfax.ru» ýazýar.

Syýasatçy ötüşen leýkemiýa keselinden ejir çekýär.

Habarda syýasatçynyň saglyk ýagdaýynyň kadalydygy, onuň nobatdaky lukmançylyk barlagyndan geçýändigi aýdylýar.

Geçen gezek Berluskoni «San-Raffaele» hassahanasynda bir ýarym aý ýatyp, öýken çişme keselinden bejergi alypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň