Turkmenportal logo
10.06.23
3580935809
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Serdar Berdimuhamedow Portugaliýanyň güni bilen gutlady
Serdar Berdimuhamedow Portugaliýanyň güni bilen gutlady Surat: tdh.gov.tm

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti Marselo Rebelo de Souza ýurduň milli baýramy — Portugaliýanyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.


Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Marselo Rebelo de Souza berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Portugaliýa Respublikasynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.