Turkmenportal logo
09.06.23
1890218902
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Wiktor Orban türkmen-wenger dostlugynyň nyşany hökmünde bag nahalyny oturtdy
Wiktor Orban türkmen-wenger dostlugynyň nyşany hökmünde bag nahalyny oturtdy

Ýokary derejedäki kabul edişlik, ikitaraplaýyn gepleşikler we resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de Premýer-ministr Wiktor Orban köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.


Premýer-ministr Wiktor Orban gepleşikleriň barşynda taraplaryň netijeli gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiginiň tassyklanylandygyny nygtap, saparyň netijelerine ýokary baha berdi. Belent mertebeli myhman ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip,


Türkmenistana gelip görmek mümkinçiligine örän şatdygyny ýene-de bir gezek belledi.


«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, şeýle-de düýn — 9-njy iýunda Wengriýanyň Hökümetiniň Baştutany Aşgabadyň günorta böleginde ýerleşýän Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül dessesini goýdy. Asylly däbe görä, Premýer-ministr Wiktor Orban bu ýerde türkmen-wenger dostlugynyň aýdyň nyşany hökmünde bag nahalyny oturtdy.


Prezident Serdar Berdimuhamedow Wengriýanyň Premýer-ministriniň hormatyna resmi günortanlyk naharyny berdi.


Türkmenistanyň Prezidenti we wenger Hökümetiniň Baştutany birek-birek bilen mähirli hoşlaşyp, Aşgabat duşuşygynyň netijelerine kanagatlanma bildirdiler.


Soňra Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban Aşgabadyň Halkara howa menziline bardy we saparyny tamamlap, Türkmenistanyň paýtagtyndan ugrady.