Soňky habarlar

Arhiw

Kolumbiýada uçar heläkçiliginde ýiten dört çaga kyrk günden soň tapyldy

09:5710.06.2023
0
31942
Kolumbiýada uçar heläkçiliginde ýiten dört çaga kyrk günden soň tapyldy
Surat: vse42.ru

Kolumbiýada «Cessna 206» kysymly uçaryň heläkçiliginde ýiten dört çaga jeňňellikden diri tapyldy diýip, ýurduň Prezidenti Gustawo Petro habar berdi. Bu barada «MIR 24» ýazýar.

Prezidentiň sözlerine görä, bu bütin ýurt üçin şatlykly wakadyr, gözleg işleri 40 gün dowam etdi, emma çagalaryň halas ediljekdigine köpler ynanmaýardy.

«Cessna 206» uçary 1-nji maýda heläkçilige duçar boldy, betbagtçylygyň öňüsyrasy uçarmanlar topary uçaryň hereketlendirijisiniň işlemeýändigi barada duýdurmaga ýetişdi. Howa gämisi 370 sagatdan soň tapyldy. Uçarda ýedi ýolagçy bardy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň