Turkmenportal logo
09.06.23
3130831308
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Mişustin Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň azyk gaznasyny döretmegi teklip etdi
Mişustin Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň azyk gaznasyny döretmegi teklip etdiSurat: mir24.tv

Russiýanyň Hökümet başlygy Mihail Mişustin Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigi (ÝAYB) ýurtlarynyň azyk üpjünçiligi monitoringi ulgamynyň we daşarky bazarlarda durnuksyzlygy hasaba almak bilen, adatdan daşary azyk gaznasynyň döredilmegini möhüm hasaplaýar diýip, TASS ýazýar.


Mişustin Soçide geçen Ýewraziýa ýurtlarynyň hökümetara geňeşiniň giňişleýin ýygnagynda şeýle gaznanyň döredilmeginiň gurama agza bolan bäş ýurduň çäklerinde zerur bolan halatynda azyk bilen bagly meseleleri kadalaşdyrmakda wajyp boljakdygyny belledi.


Ol munuň üçin azyk pudagyndaky bar bolan gorlary işjeň peýdalanmagyň gerekdigini aýtdy. Mysal üçin, hünärmenleriň bahalandyrmagyna görä, bileleşik däne we ösümlik ýagy babatda doly öz-özüni üpjün edýär.


ÝAYB-yň mümkinçiligi diňe bir özüňi eklemäge ýetmän, harytlary eksport etmäge hem ýetýär. Diňe bar bolan ähli mümkinçilikleri peýdalanmak gerek. Galyberse-de, geçen ýylda bileleşigiň agza ýurtlarynda oba hojalyk önümçiligi 3 göterim artdy.


ÝAYB-yň düzümine häzirki wagtda bäş ýurt: Ermenistan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan we Russiýa girýär.