Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Müsüriň täze bellenen ilçisi kabul edildi

20:2307.06.2023
0
26444
Aşgabatda Müsüriň täze bellenen ilçisi kabul edildi
Surat: mfa.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisi Nazih Ali Bahauddin al-Nagari bilen duşuşdy we duşuşygyň dowamynda ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny hem-de syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Soňra Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen täze bellenen ilçiniň giňişleýin görnüşdäki duşuşygy geçirildi. Bu barada ministrligiň resmi saýtynda habar berildi.

Diplomatlar döwletara gepleşikleri ösdürmekde ýokary derejeli gepleşikleriň ähmiýetini belläp, iki ýurduň döwlet baştutanlarynyň saparlaryny we duşuşyklaryny guramagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Halkara we sebit guramalarynyň çäginde iki ýurduň arasyndaky özara hyzmatdaşlyk meselelerine aýratyn üns berildi.

Taraplar halkara syýasatynyň iň möhüm ugurlary barada pikir alyşmak we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin syýasy geňeşmeleriň nobatdaky tapgyryny geçirmek barada ylalaşdylar.

Duşuşygyň çäginde özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebitara meseleler boýunça pikir alşyldy.

Söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen Ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça tükmen-müsür bilelikdäki hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmegiň maksadalaýykdygy görkezildi.

Maýa goýum, nebit-gaz we himiýa pudaklary hem-de ulag ulgamy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Aşgabat bilen Kairiň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak üçin iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň derejesinde yzygiderli aragatnaşygy saklamak babatda ylalaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň