Turkmenportal logo
07.06.23
3438434384
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Mirza Beknazarowyň «Narwa Transy» indiki möwsümde Ýewrokuboklara gatnaşar
Mirza Beknazarowyň «Narwa Transy» indiki möwsümde Ýewrokuboklara gatnaşar

«Narwa Trans» final duşuşygynda Talliniň «Florasyny» utup, Estoniýanyň kubogyna mynasyp boldy. Şeýlelikde, topar 2023 ― 2024-nji ýyllaryň futbol möwsüminde Ýewrokuboklara gatnaşmaga hukuk gazandy. Final duşuşygy 2:1 hasabynda tamamlandy.


Ýeňiji toparyň gollaryny 54-nji minutda Aleks Markowiç bilen 81-nji minutda Kim Do Hýon geçirdi. Kuboga mundan ozal 2017-nji we 2022-nji ýyllarda «Transyň» düzüminde mynasyp bolan Nikita Mihaýlow bolsa «Floranyň» ýeke-täk goluny geçirdi.


Bu ýeňiş «Narwa Transa» geljek möwsümde UEFA-nyň Konferensiýalar ligasynyň birinji saýlama tapgyryna gatnaşmak mümkinçiligini berdi.


Ozal hem habar berşimiz ýaly, «Narwa Trans» Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň ýarym goragçysy Mirza Beknazarowy 1+1 ýyllyk düzümine goşdy. Şu aýyň başynda ol Ýewropada işlemäge we «Narwa Transyň» düzüminde duşuşyklara gatnaşmaga rugsatnama aldy.


Häzir ýarym goragçy Türkmenistanyň milli ýygynysynyň düzüminde Merkezi Aziýanyň çempionatyna gatnaşmaga taýýarlyk görýär.