Soňky habarlar

Arhiw

Merkezi Aziýa «Bitewi saglyk» maksatnamasynyň deslapky bahalandyrmasyny ara alyp maslahatlaşdy

16:0507.06.2023
0
20661
Merkezi Aziýa «Bitewi saglyk» maksatnamasynyň deslapky bahalandyrmasyny ara alyp maslahatlaşdy
Surat: centralasia.media

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň saglygy goraýyş, daşky gurşawy goramak, oba hojalygy we maliýe pudagyndaky hökümet edaralarynyň wekilleri «Merkezi Aziýada «Bitewi saglyk» konsepsiýasyna esaslanýan Hereketleriň çarçuwaly maksatnamasyny» işläp taýýarlamak boýunça Samarkantda geçirilen sebitleýin seminara gatnaşdylar.

Seminarda Çarçuwaly maksatnamanyň deslapky bahalandyrmasynyň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Belläp geçsek, bu maksatnama zoonotik kesellere we mikroblara garşy göreşmek hem-de azyk howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly sebitleýin hyzmatdaşlygy utgaşdyrmak boýunça teklipleri we mehanizmleri işläp düzýär.

Mundan başga-da, seminara gatnaşyjylar Bütindünýä banky tarapyndan taýýarlanan «Azyk ulgamlaryny goramak, geljekki pandemiýalaryň öňüni almak: Merkezi Aziýada «Bitewi saglyk» maksatnamasynyň bähbidine deliller» nutugynyň netijeleri bilen tanyşdylar.

Çäräniň dowamynda bäş sany sebitleýin bahalandyrmanyň netijesi boýunça işläp taýýarlanan teklipler berildi we milli hem-de sebit derejesinde «Bitewi saglyk» çemeleşmesini durmuşa geçirmek üçin amaly strategiýalary bilelikde taýýarlamagyň ýollary hödürlenildi.

Nutukdan gelip çykýan netijelere laýyklykda, «Bitewi saglyk» çemeleşmesi ýurtlar we sebit üçin ykdysady taýdan täsirli bolup durýar. Bütindünýä bankynyň hünärmenleri tarapyndan geçirilen seljermäniň netijelerine görä, halkara jemgyýetçiliginiň «Bitewi saglyk» ulgamyna her ýyl 1,9 milliard dollar bilen 3,4 milliard dollar aralygyndaky maýa goýumlary (keseliň ýaýraýşyna baglylykda) pandemiýanyň ýarym ýa-da doly öňüni alyp biler. Şeýle maýa goýumlarynyň ýyllyk garaşylýan girdejisi 44—71 göterime çenli bolup durýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň