Soňky habarlar

Arhiw

Dünýä awiapudagy pandemiýadan öňki durkuna dolanýar

13:3107.06.2023
0
22706
Dünýä awiapudagy pandemiýadan öňki durkuna dolanýar
Surat: rbc.ru

Howa ulaglarynyň halkara assosiasiýasy raýat awiasiýasynyň ýagdaýy barada çaklamany täzeledi.

Hünärmenleriň bu ugurdaky maglumatlary oňat. Sebäbi ýolagçy gatnawlarynyň möçberleri pandemiýadan öňki derejesine gaýdyp geldi diýip, «Habar 24» ýazýar.

Çaklamalara görä, şu ýylyň ahyryna çenli ýolagçy gatnawynyň möçberi 4 milliarddan agar. Şeýle sanlary pudak diňe çäklendirmelerden we serhetleriň ýapylmagyndan öň, 2019-njy ýylda görüpdi.

Bilermenler awiakompaniýalaryň sap girdejileriniň bu ýyl 10 milliard dollara ýetjekdigini çaklaýarlar. Olaryň pikiriçe, pudagyň şeýle okgunly ösüşine Hytaýda içerki we halkara gatnawlaryň açylmagy hem oňyn täsir edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň