Soňky habarlar

Arhiw

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

18:3005.06.2023
0
38181

5-nji iýunda Tbiliside Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ýokary derejede alnyp barylýandygy bellenip geçildi we iki ýurduň arasyndaky köpmaksatlaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlary kesgitlenildi.

Toparyň türkmen böleginiň başlygy Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Begenç Goçmollaýew we toparyň gruzin bölegine başlyklyk edýän Gruziýanyň wise-premýeri, Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministri Lewan Dawitaşwili söwda-ykdysady gatnaşyklary, maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek, ulag-logistika we energetika infrastrukturasyny ösdürmek üçin bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem, ylym, bilim, sport we syýahatçylyk ugurlarynda mundan beýläkki amaly hyzmatdaşlygyň zerurlygyna üns berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň