Turkmenportal logo
05.06.23
2765227652
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hindistandaky otly heläkçiliginiň sebäbi belli boldy
Hindistandaky otly heläkçiliginiň sebäbi belli boldySurat: globalnews.kz

Hindistanyň Odişa ştatynda bolup geçen we 288 sany ýolagçynyň pida bolmagyna getiren otly heläkçiligine elektron blokirleme ulgamy sebäp boldy. Bu barada ýurduň demir ýollary, kommunikasiýalar, elektronika we habar beriş tehnologiýalary ministri Aşwini Waýnşaw habar berdi diýip, TASS ýazýar.


Ministriň sözlerine görä, wakanyň günäkärleri anyklandy, heläkçilik elektron blokirleme ulgamyndaky üýtgetmeler sebäpli boldy.


Aşwini Waýşnaw häzirki wagtda häkimiýetleriň otlularyň hereketini dikeltmek ugrunda işleýändigini habar berdi.