Şu gün dünýä ýurtlarynda Bütindünýä welosiped güni bellenilýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2018-nji ýylyň aprel aýynda her ýylyň 3-nji iýunyny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamany kabul etdi. Bu halkara baýram mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna Gutlag iberdi. «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edilen Gutlagynda döwlet Baştutany:
— Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi sagdynlygyň we ruhubelentligiň halkara güni — Bütindünýä welosiped güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bu ajaýyp halkara sene mynasybetli geçiriljek dabaralaryň mähriban Watanymyza, sagdyn we bagtyýar durmuşymyza, berkarar döwletimizde gazanylýan beýik üstünliklere bolan buýsanjymyzy has-da ýokarlandyrjakdygyna berk ynanýaryn — diýip nygtaýar.
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Bütindünýä welosiped güni dostlugyň, parahatçylygyň, sportuň we ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan, jemgyýetiň agzybirligini, jebisligini alamatlandyrýan şanly sene hökmünde milli senenamada aýratyn orun tutýar. Şoňa görä-de, dünýä bileleşigi bilen bilelikde, Türkmenistanda bu sene ýokary ruhubelentlikde, giňden bellenilýär. Bütindünýä welosiped gününiň şanyna köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleriň, köpçülikleýin welosipedli ýörişiň geçirilmegi sagdynlygyň hem-de ruhubelentligiň ýurdy hökmünde türkmen döwletiniň abraýyny dünýä ýaýýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň esaslandyran strategik döwlet syýasaty netijesinde, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakynda taryhy Kararnamanyň, şeýle hem 2022-nji ýylyň 15-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Türkmenistanyň sport başlangyçlarynyň, adam saglygy baradaky ýörelgeleriniň dünýä bileleşiginde uly ykrarnama eýe bolýandygyna şaýatlyk edýär.
— Sport we bedenterbiýe döredijilik başlangyçlaryny, olary durmuşa geçirmäge bolan maksada okgunlylygy höweslendirýän sagdynlygyň hem-de güýjüň esasy çeşmesidir. Welosiped sporty bolsa sportuň ekologik taýdan arassa we gyzykly görnüşi bolup, ilatymyzyň beden saglygyny goramakda esasy orny eýeleýär. Welosiped sporty ynsan saglygyna oňyn täsir edýän sportuň netijeli görnüşi bolup durýar. Ol bedeni kämilleşdirmäge, kesellere garşy durmagyna ýardam berýär. Ýurdumyzda sportuň bu görnüşiniň artykmaçlyklaryna hem-de ekologik abadançylyga ýetirýän täsirine mynasyp baha berip, onuň bilen meşgullanýanlaryň sany barha artýar. Çünki dürli ýaşdaky raýatlarymyzyň, hususan-da, ýaş nesillerimiziň saglygy üçin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak döwrüň möhüm talabydyr — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow Gutlagynda nygtaýar.