Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Hökümet mejlisini geçirdi

21:4002.06.2023
0
11592

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, mejlisde birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy hem-de döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisde, ilki bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryndan gelip çykýan wezipeleriň kanunçylyk taýdan üpjün edilmegi boýunça milli parlamentiň iş toparynyň alyp barýan işleri barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünlerinden we öňdebaryjy halkara iş tejribesinden ugur alyp, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň tekliplerini seljermek esasynda birnäçe kanunçylyk taslamalary taýýarlanyldy. Olara Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň şu ýylyň 3-nji iýunynda geçiriljek ikinji maslahatynda garamak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem daşary ýurtlar we iri halkara düzümler bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň çäklerinde amala aşyrylýan işler barada maglumat berildi.

Soňra mejlisiň barşynda wise-premýerler hem-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler, olaryň netijeleri, şol sanda pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, öňde boljak çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabatlary berdiler. Döwlet Baştutanyna Bütindünýä Söwda Guramasynyň ýokary derejeli wekiliýetiniň Türkmenistana amala aşyran iş saparynyň netijeleri barada hem hasabat berildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, halkara gatnaşyklar, öňde boljak çäreler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.

Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutany oňa gatnaşyjylary, ýüpekçileri hem-de ýurduň ähli halkyny pile tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamanyň ýerine ýetirilmegi bilen gutlady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň