Eýranyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna girmek işi öňdäki iýul aýynda tamamlanar. Bu barada Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Hoseýn Amir Abdollahiýan habar berdi diýip, TASS ýazýar.
Ministriň öz ýurdunyň guramanyň iýulda geçjek nobatdaky sammitinde doly hukukly agzasy boljakdygy barada sözüni «Tasnim» habarlar gullugy getirýär.
Geçen ýylyň 15-16-njy sentýabrynda Samarkantda ŞHG-iň sammiti geçdi we oňa Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi gatnaşdy. EYR bileleşigiň agza ýurdy derejesini almak üçin borçnamalar boýunça ähtnama gol çekdi.
Nobatdaky sammit 4-nji iýulda Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modiniň başlyklyk etmeginde wirtual görnüşde geçer. Sammite agza ýurtlaryň ählisi gatnaşarlar. Eýran, Belarussiýa we Mongoliýa synçy, şeýle hem Türkmenistan myhman hökmünde çagyryldy.
Alty ýurduň – Russiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Hytaýyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň gatnaşmagynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyny döretmek barada deklarasiýa Şanhaýda 2001-nji ýylyň iýunynda kabul edildi. Häzirki wagtda gurama Hindistan we Pakistan hem girýär. Synçy-döwletler Owganystan, Belarussiýa, Eýran we Mongoliýa, dialog boýunça hyzmatdaşlar – Azerbaýjan, Ermenistan, Kamboja, Nepal, Türkiýe we Şri-Lanka bolup durýar.