Soňky habarlar

Arhiw

«Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki mejlis öz işine başlady

16:4702.06.2023
0
24398
«Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki mejlis öz işine başlady
Surat: president.kg

Şu gün Gyrgyzystanyň Çolpan ata şäherinde «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki döwlet Baştutanlarynyň Ikinji duşuşygy öz işine başlady. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti hem gatnaşýar.

Gyrgyzystanyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşyga Ýewropa Bileleşiginiň Prezidenti Şarl Mişel, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Täjigistanyň Prezidenti Emonali Rahmon, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow gatnaşýar.

Çolpon ata şäherindäki «Ikinji döwlet rezidensiýasy» diýlip atlandyrylýan Kongress-holuň girelgesinde Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow her bir wekiliýetiň ýolbaşçysyny mähirli garşylady.

Resmi salamlaşyk we döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, mejlis giňişleýin düzümde öz işine başlady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň