Soňky habarlar

Arhiw

Mergen Orazow: «Legionerler tälimçileriň işini ýeňilleşdirýär»

19:3701.06.2023
0
11473

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Mergen Orazowyň pikirine görä, ýygyndyda daşary ýurtlaryň çempionatlaryndaoýnaýan futbolçylaryň agdyklyk etmegi umumy kämillige oňyn täsirini ýetirýär.

Bu baradaky pikirlerini «Turkmenportala» beren interwýusynda paýlaşan baş tälimçi şeýle diýdi:

Ýewropanyň we Aziýanyň iň gowy klublaryndaoýnaýan oýunçylaryň bolmagy islendik milli ýygyndy üçin hem artykmaçlyk. Hut, şonuň üçin hem biz ýaryşa taýýarlyk üçin daşary ýurtdaky okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny saýlap aldyk. Bu ýygnanyşygyň futbolçylarymyzyň halkara tejribesini artdyrmakda azda-kände bolsa-da täsiriniň ýetjekdigine ynanýarys.

Mergen Orazow türkmen ýygyndysynda hem legioner futbolçylaryň köp bolmagynyň tarapdary. Ol muny kämilleşmek üçin gowy sebäp hasaplaýar.

Eger oýunçylarymyz Ýewropada, Aziýada we beýleki yklymlarda oýnap bilseler, has baý tejribä eýe bolardylar. Oýunçylaryň baý tejribesi tälimçiniň hem işini ýeňilleşdirýär ― diýip, ol habarçymyz bilen pikirlerini paýlaşdy.

Söhbetdeşligi dolulygyna şu salgydan okap bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň