Soňky habarlar

Arhiw

Messi möwsüm tamamlanansoň «PSŽ-ni» terk eder

17:5301.06.2023
1
35975

Lionell Messi möwsüm tamamlanandan soňra, «PSŽ-ni» terk eder. Bu barada şu gün geçirilen metbugat konferensiýasynda toparyň tälimçisi Kristof Galte mälim etdi.

«Futbolyň taryhyndaky iň gowy oýunça tälim bermek meniň üçin uly hormat boldy. «Klermon» bilen oýnaljak oýun Messi üçin «Park de Prensdäki» iň soňky duşuşyk bolar» diýip, tälimçi belledi.

Ýeri gelende bellesek, çempionlygy wagtyndan öň özüniňki eden «PSŽ» 3-nji iýun güni «Park de Prens» stadionynda Fransiýanyň çempionatynyň ahyrky tapgyrynda «Klermony» kabul eder.

Lionel Messi şu möwsümde Liga 1-iň 31 oýnunda meýdança çykyp, 16 gol urdy hem-de 16 golly pas berdi.

Maglumat üçin, argentinaly superýyldyz 2021-nji ýylyň tomsunda erkin agent hökmünde «PSŽ-niň» düzümine goşuldy. Ol geçen iki ýylyň dowamynda topary bilen bilelikde iki gezek Fransiýanyň çempiony boldy. Şeýle-de bir gezek ýurduň Superkubogyna mynasyp boldy.

Sport neşirleriniň ýazmagyna görä, Messi häzirki wagtda «Barselonadan» teklibe garaşýar. Ol iki ýyl mundan ozal maliýe kynçylyklary sebäpli, mejbury ýagdaýda bu topardan gitmeli bolupdy.

Mundan başga-da, Saud Arabystanynyň «Al-Hilal» toparynyň Messä 2 ýyllyk umumy bahasy 1,2 milliard ýewro barabar şertnama teklip edendigi, ABŞ-nyp «Inter Maýami» toparynyň bolsa argentinaly ýyldyza dört ýyla niýetlenilen ýyllyk 50 million dollarlyk şertneme hödürländigi barada hem myş-myşlar bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
SABC_Sport ( 02.06.2023 )

Lionel Messi will leave Paris St Germain at the end of the season, manager Christophe Galtier has confirmed. The seven-time Ballon d'Or winner will make his last appearance for the club in their final Ligue 1 outing of the campaign against Clermont on Saturday. For more blogs and news click on given below link. https://www.sabcsport.com/soccer/news/lionel-messi-to-leave-paris-st-germain-at-end-of-season-christophe-galtier

0